Ofis, kärhana we jaý üçin ýangyn söndürijiler
Ýangyn söndürijileri satyn almak
Türkmenistanda ýangyn duýduryş ulgamynyň hyzmat üpjünçiligi
"Şöhratly Täjir" tarapyndan ýangyn söndüriş ulgamynyň hyzmat üpjünçiligi
Ýangyna garşy suw üpjünçiligi
Ýangyna garşy suw üpjünçiligi we gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň normatiwleri
Ulgamlaryň, şeýle hem olaryň aýry elementleriniň (ýangyn söndüriji we köpürjik dörediji we ş.m.) tehniki hyzmaty we abatlaýyş işleri
Ýangyn söndüriş ulgamlary – ýangyn bilen netijeli göreş
Ýangyn söndüriş ulgamlary gurnamak işleri
Ýangyn söndüriji ulgamlaryň montaži
Ýangyn söndüriş ulgamlaryny sargyt etmek
Tüsse çykaryjy ulgamlaryň görnüşleri
Tüsse çykaryjy ulgamy saýlamak
Tüsse çykaryjy ulgamlary satyn almak we gurnamak
Ýangyn howpsuzlyk auditi
Ewakuasiýa meýilnamasyny düzmek
Wideo gözegçilik ulgamy
Ýangyn merdiwanlarynyň we üçek germewleriniň synaglary
Synaglaryň dowamynda ýüze çykarylýan bozulmalar
Ýangyna garşy örtük işleri
Ýangyna garşy örtük işleri
Ýangyna garşy örtük işleri
Ýangyn söndüriji saýlananda geljekdäki ulanyş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Dürli klasslardaky ýangynlar üçin dürli görnüşli ýangyn söndürijiler ulanylýar.
Biz şu klasslardaky ýangynlary söndürmeklik üçin ýangyn söndürijileri teklip edýäris:
A klass – gaty maddalaryň ýangyny;
B klass – suwuk maddalaryň ýangyny;
C klass – gaz görnüşdäki maddalaryň ýagyny;
D klass – metallaryň ýangyny;
E klass – elektrik togunyň dartyşy esasynda dürli obýektleriň ýangyny.
"Şöhratly Täjir" HK-ň katalogynda ofis, öý, awtoulag we senagat kärhanalary üçin şu aşakdaky görnüşdäki göçme we ykjam ýangyn söndürijiler bardyr:
--- poroşokly
--- kömürturşy gazly
--- howa köpürjikli
--- howa emulsiýaly
--- öz-özüni herekete getirýän poroşok we howa-emulsiýaly ýangyn söndürijiler
--- ýangyn söndüriji modullar we ýangyn söndüriji generatorlar
Ýangyn söndürijiniň saýlanan modelini satyn almak üçin aragatnaşyk maglumatlaryny ulanyň. Menejerimiz haýal etmän siziň bilen habarlaşar we amatly ýeri we gowşuryş wagtyny ara alyp maslahatlaşar.
Şeýle hem, +993 12 51 39 27 telefon belgä jaň edip sargyt edip bilersiňiz we ýangyn howpsuzlygy meseleleri boýunça maslahat alyp bilersiňiz.
Eltip bermek hyzmaty Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna amala aşyrylýar.
--- fiziki we ýuridiki görnüşli taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýäris
--- nagt däl hasaplaşyk
--- arzalary onlaýn, telefon arkaly ýa-da ofisimizde kabul edýäris
--- eltip bermek hyzmatyny gurnaýarys ýa-da harytlary alyp gitmegiňiz üçin taýýarlaýarys
--- kepillik hyzmatyny üpjün edýäris.
"Şöhratly Täjir" HK islendik maksatly kärhanalarda we desgalarda ýangyn duýduryş ulgamlaryny we beýleki ýangyn söndüriş ulgamlaryny montaž etmek, gurnamak, abatlamak we proektini düzmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.
Ýangyn duýduryş ulgamynyň hyzmat üpjünçiligi guramamyzyň berýän esasy hyzmatlaryndan biridir.
--- meýilleşdirilen abatlaýyş işleri aýda bir gezek amala aşyrylýar
--- zerur bolsa, enjamlary we ulgamyň näsaz böleklerini çalyşmak
--- islendik näsazlyklary aradan aýyrmak
--- tehniki resminama işlerini ýöretmek
--- ulgamyň işleýşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça işgärlere we ýolbaşçylara maslahat beriş goldawyny bermek
--- ulgamyň işleýşini ýokarlandyrmaklyk üçin tehniki teklipleri düzmek
--- ýangyn duýduryş ulgamlaryny abatlamak.
Ýangyn duýduryş ulgamynyň tehniki hyzmaty boýunça reglamentini alyp barmak biziň işgärlerimiz tarapyndan her bir şereketiň kada talaplaryna baglylykda, şeýle hem ulanyş ulgamyň şertleriniň esasynda her kärhana üçin aýratyn düzülýär.
Kärhana bilen şertnama baglaşmak arkaly biz, ulgamyň hökmany giňişleýin diagnostikasyny geçirýäris we onuň işleýşini barlaýarys. Mesele ýüze çykarylan halatynda, olary ýok edýäris.
Näme üçin bizi saýlamaly:
--- operatiw ýagdaýda gyssagly çagyryşlara jogap berýäris (tiz kömek gullugyna islendik wagtda, hatda dynç alyş we baýramçylyk günlerinde hem jaň edip bilersiňiz)
--- ýangyn duýduryş ulgamlaryny goldamak üçin hyzmatlaryň kesgitlenen bahasy bilen şertnama baglaşylýar (wagtyň geçmegi bilen bahalary ýokarlandyrmaýarys, şonlukda siz artykmaç tölemeli bolmarsyňyz)
---bökdençlikleri çalt aradan aýyrmaklyk üçin ätiýaçlyk şaýlaryň/enjamlaryň uly arsenalyna eýediris
--- alyp barýan işiňiziň häsiýetine we ululygyna baglylykda elýeterli nyrhnamalary hödürleýäris.
Işgärlerimiz tarapyndan ýangyn duýduryş ulgamyna hyzmat etmeklik gol çekilen şertnama we tassyklanan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa, islendik wagt näsazlyklary düzetmäge we kynçylyklaryňyza jogap bermäge taýýardyrys. Hyzmaty şu wagt sargyt ediň we geleşigiň ähli aýratynlyklaryny düşündirmek üçin hünärmenimiz haýal etmän siziň bilen habarlaşar. Ýangyn duýduryş hyzmatynyň bahalary şertnamanyň şertlerine baglylykda iki ugura hem üýtgäp biler.
Sowatly gurnalan ýangyna garşy ulgam, ýangyny söndürmek üçin zerur bolan suw çeşmesine elmydama elýeterliligi üpjün etmeli.
Bu elýeterliligi ýylyň we günüň islendik wagtynda uly ýangyny söndürmäge ýeterlik mukdarda suwy üpjün edip biljek ýeketäk zat, ýörite gurnalan ýangyna garşy suw üpjünçilik turba geçirijisidir.
--- "Şöhratly Täjir" HK ýangyn söndüriji suw üpjünçilik ulgamyny gurnamagy we şu aşakdakylary teklip edýär:
--- Ýangyna garşy suw üpjünçiliginiň synaglary
--- Ýangyna garşy suw üpjünçiliginiň monaži we proektirlemesi
Ýurdumyzda kabul edilen howpsuzlyk standartlary, ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamynyň oturdylmasy şu aşakdaky ýagdaýlarda talap edilýär:
--- beýikligi 12 ýa-da ondan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda
--- beýikligi 3 gatdan ýokary bolan umumy ýaşaýyş jaýlarynda, myhmanhanalarda we otellerde
--- ähli derejedäki bilim edaralarynda
--- hassahanalarda, şypahana-kurort binalarynda, çagalar üçin niýetlenen edaralarda
--- administratiw, medeni we dynç alyş maksatly jemgyýetçilik binalaryda
--- 5000 m3 den ýokary söwda, senagat we dolandyryş binalaryda.
Şol bir wagtyň özünde, 16 gat belentlikdäki binalarda, ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamy, adaty hojalyk ýa-da senagat maksatly suw üpjünçiligi bilen birleşdirilýär. 17 gatly we has ýokary binalar üçin bolsa aýratyn ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamyny çekmek hökmanydyr.
Iň möhüm talap, ýangyn söndüriji ulgamyň suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygydyr. Muňa ýetmek üçin esasy bölümleri köpeltmek, garaşsyz ýa-da heläkçilik halatlary üçin elektrik üpjünçiligini guramak we ş.m. çözgütler giňden ulanylýar.
"Şöhratly Täjir" HK-da ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamlaryny proektirlemek we gurnamak esasy ugurlarynyň biridir. Her bir müşderä şu aşakdakylary teklip edýäris:
--- desganyňyzyň ähli aýratynlyklaryny we nýuanslaryny göz öňünde tutup, ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamynyň indiwidual taslamasyny düzmek
--- ýer işlerinden başlap, ulanyşa goýberiş synaglaryna çenli tejribeli we operatiw montaž işleri
--- tygşytly we pragmatiki çemeleşme, gereksiz çykdajylaryň bolmazlygy
---soňraky hyzmat işleri, ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamynyň doly işjeňligini saklamak, zerur halatynda – abatlamak ýa-da döwrebaplaşdyrmak
---enjamlaryň, komponentleriň, awtomatlaşdyryş enjamlarynyň giň seçimi, sprinklerleri ýa-da drençerleri oturtmak
---üpjün edilýän ýangyn söndüriji enjamlar we gurnama hyzmatlary üçin amatly bahalar
Işgärlerimiziň ýokary hünär derejesi bilen utgaşdyrylan ägirt uly tejribämiz – ýokary hilli proektirleme we gurnama işleriniň kepilligi bolup durýar. Çylşyrymlylygyň derejesine garamazdan, ýangyndan ygtybarly goragy üpjün ederis.
Içerki ýangyn söndüriji suw üpjünçiligi ulgamy üçin ýangyn klapanlarynyň doly toplumynyň shemasy
"Şöhratly Täjir" HK bütin Türkmenistan boýunça ýangyn söndüriji suw üpjünçilik ulgamynynyň gurnama işlerini teklip edýär. Biz fiziki we ýuridiki taraplar bilen işleýäris, saldamly iş tejribämiz we ökde hünärmenlerimiz bar, borçlarymyzy takyk we öz wagtynda ýerine ýetirýäris.
Ýangyn söndüriş ulgamlary ýangynyň çeşmesini dessine kesgitlemek we göz astyna almak, ýangyna garşy göreşmek we onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin niýetlenendir.
Awtomatiki ýangyn söndüriş ulgamlary adatça uly binalarda oturdylýar. Olar ýagdaýa gözegçilik etmäge we ýangyna öz wagtynda jogap bermäge mümkinçilik berýän datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Şeýle ulgamlarda ýangyn söndüriji serişde hökmünde aşakdakylary ulanyp bolar:
---inert gazlar
---freon
---suw
---ýangyn söndüriji poroşoklar
---kömürturşy gazy
---aerozollar
--- köpürjik
---
---
---
---
Ýangyn söndüriji ulgamlaryny gurnamak işleri binanyň görnüşini, aýratynlyklaryny, düzülşini we maksatlaýyn ulanylşyny anyklamak arkaly başlanýar.
Binanyň görnüşi kesgitlenenden soň we onuň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýangyny söndürmek üçin iň amatly enjam saýlanýar. Mysal üçin, köp adamyň ýygnanýan söwda merkezi üçin suw esasly ýangyn söndüriji ulgamlar ulanylýar.
Şeýle hem, proekt çyzylanda binanyň temperatura aýratynlygy göz öňünde tutulýar. Eger-de bu temperatura hemişe noldan ýokary bolan bina bolsa, bu ýerde suw ýa-da köpürjik esasly ýangyn söndüriji ulgamlar ulanylyp bilner. Temperaturasy noldan aşakda bolup biljek ammarlarda ýa-da garažlarda poroşok ýa-da gaz ulanmak has gowudyr.
Şeýle hem, proekt çyzylanda, otagdaky predmetler göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, arhiw, kitaphana ýa-da serwer otagy bolsa, onda ol ýerde gaz esasly ýangyn söndüriji ulgamy ulanmak has gowudyr. Sebäbi köpürjik, poroşok ýa-da suw möhüm resminamalara we enjamlara zeper ýetirip biler. Eger-de ammar ýa-da ussahana bolsa, poroşok esasly ýangyn söndüriji ulgamlary ulanmaly.
Ýangyn söndüriji ulgamlaryň montaž işleri örän möhüm we jogapkärli iş bolup durýar, sebäbi obýektiň we onuň içindäki adamlaryň howpsuzlygy onuň sowatly ýerine ýetirilmegine baglydyr.
Montaž, ýangyn söndüriji serişdesini rezerwuara birikdirip pürküjileri we datçikleri gurmagy öz içine alýar. Datçikler ýerleşdirilenden soň enjam, gysga wagtda ýangyn hakda maglumat alar. Has gowy dolandyrmak we has köp meýdany gurşap almak üçin olar potolokda ýerleşdirilýär.
Köplenç ýangyn söndüriji ulgam adamlara ýangyn hakda habar berýän ses ulgamy, şeýle hem howany, ýangyn netijesinde ýüze çykýan zyýanly maddalardan arassalaýan tüsse çykaryjy ulgam bilen birleşdirilýär.
Beýleki enjamlar ýaly, awtomatiki ýangyn söndüriji ulgam hem öz wagtynda näsazlyklary düzetmegi we näsazlyklaryň öňüni almak üçin yzygiderli tehniki hyzmaty talap edýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda enjamlar bejerilýär.
Kompaniýamyzyň hünärmenleri, ýüze çykan kynçylyklary ýok edip, ulgamyň işleýiş ýagdaýyna yzygiderli diagnoz goýup durýarlar.
Kompaniýamyz, binanyň aýratynlyklaryny we müşderiniň isleglerini göz öňünde tutup, dürli ýerlerde ýangyn söndüriji ulgamlary oturtmak bilen baglanyşykly ähli hyzmatlary hödürleýär.
Ýangyn dörände, oduň özünden has howply bolan tüsse döräp biler. Bu esasanam adamlaryň işleýän binalaryna degişlidir. Şonuň üçin hiç bir ähmiýetli desgada tüsse çykaryjy ulgam gurnamazdan oňup bolmaýar.
Tüsse çykaryjy ulgam – bu awtomatiki ýa-da el bilen dolandyrylýan howa üpjünçiligi we çykaryş ulgamydyr. Onuň esasy wezipesi, ýangyn dörän ýagdaýynda adamlaryň howpsuz ýere ewakuasiýa edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Ýangyn dörän wagtynda, köplenç adamyň saglygyna zeper ýetirýän zyýanly gazlaryň ýa-da tüssäniň köp konsentrasiýasy döräp biljek ýerlerde tüsse çykaryjy ulgamy oturtmak wajypdyr.
Tüsse çykaryjy ulgamlar aşakdakylara bölünýär:
--- statiki
--- dinamiki
Statikler, ýangyn wagtynda howa çalşygyny üpjün edýän ulgamlarynyň öçürilen ýagdaýynda ulanylýar. Netijede, tüsse ýangyn ojagynyň töwereginde jemlenýär we howa çalşygy kanallarynyň üsti bilen ýaýramaýar.
Dinamiki tüsse çykarma, otagdan tüsse çykarýan wentilýatorlaryň ulgamyny ulanýar. Bu ulgam tüsse çykarmaga we otaga arassa howa goýbermäge mümkinçilik berýär.
Köplenç ýangyç önümleri özünde jemleýän, tüssäni ýok etmek üçin ulanylýan kanallar we wentilýatorlar uzak wagtyň dowamynda ýokary gyzgynlyga çydamlydyrlar.
Otagyňyz üçin dogry tüsse çykaryş ulgamyny saýlamak üçin hünärmen bilen habarlaşmak maslahat berilýär. Galyberse-de, belli bir şertlerde ýangyn dörän halatynda siziň binaňyz üçin haýsy ulgam has laýyk boljakdygyny anyklarlar ýa-da tersine, näme üçin belli bir ulgamlaryň siziň ýagdaýyňyzda hökman däldigini düşündirip resmi netijenama bererler.
Mysal üçin, otaglarda ýangyn dörän halatynda, adamyň saglygyna zyýanly maddalaryň köp mukdaryny öz içine alýan tüsse ýygnamak mümkinçiligi bar bolsa, tüsse çykaryjy ulgamsyz oňup bolmaz. Sebäbi, başgaça aýdylanda, tüsse adamlary çalt ewakuasiýa etmäge we maddy gymmatlyklary halas etmek üçin mümkinçilik bermeýär.
Türkmenistanda tüsse çykaryjy ulgamy işläp düzmek, gurnamak we hyzmat üpjünçiligi bilen bagly zerurlyk bar bolsa, "Şöhratly Täjir" HK-ň hünärmenleri size ýardam berer.
Kärhanamyz, tüsse çykaryjy ulgamlarynyň proektini düzmek, olary gurnamak, ulanyşa girizmek we soňraky tehniki hyzmat üçin taslamalary ösdürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Mundan başga-da, hünärmenlerimiz howa basyş ulgamlaryny ýerleşdirip we gurnap bilerler, framugalary awtomatiki açýan enjamlaryň işleýşini enjamlaşdyryp, gurup we sazlap bilerler, şeýle hem tüsse çykaryş ulgamynyň belli bir şertlerde nähili işlejekdigini bahalandyryp we hasaplap bererler. Şeýle hem biz ýangyn duýduryş ulgamyny bejermek we tehniki hyzmat üpjünçiligini teklip edýäris!
Ýangyn howpsuzlyk auditi – bu gözden geçirilen desgalaryň ýangyn howpsuzlygy talaplaryna laýyklygyny bahalandyrmagyň iň doly görnüşidir. Ýangyn howpunyň töwekgelçiligini garaşsyz bahalandyrma işleri şu aşakdakylar üçin zerurdyr:
--- desgadaky ýangyn howpsuzlygynyň hakyky ýagdaýyny kesgitlemek, ýangyn töwekgelçiligini azaltmak boýunça çäreleri işläp düzmek
--- öwezini dolmak çäreleri we ýangyn töwekgelçiligini hasaplamak arkaly kesgitlenen kapital bozulmalaryny ýok etmek
--- desgany iň pes maliýe çykdajylary bilen ýangyn howpsuzlygy talaplaryna laýyk getirmek
--- desgany adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň meýilleşdirilen gözleglerinden 3 ýyl boşatmak
Ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly töwekgelçiligi azaltmak we ýangyn bolan ýagdaýynda adamlaryň we emläkleriň howpsuzlygyny üpjün etmek isleýän her bir adam üçin ýangyn töwekgelçiligini garaşsyz bahalandyrmak ýa-da ýangyn howpsuzlygyny barlamak wajypdyr.
Ýangyn töwekgelçiligine garaşsyz baha bermek aşakdaky maksatlar üçin amala aşyrylýar:
---ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, umumy ýaşaýyş jaýlary, internatlar, garrylar öýleri, hassahanalar we ş.m
---teatrlar, kinoteatrlar, konsert zallary, klublar, sirk, sport desgalary, muzeýler, tans zallary we ş.m.
---söwdany guramak üçin binalar, jemgyýetçilik naharhanalary, demir ýol menzilleri, klinikalar we ambulatoriýalar, sarp ediş we jemgyýetçilik hyzmatlary guramalary üçin jaýlar we ş.m.
---bilim guramalarynyň, institutlaryň, uniwersitetleriň, dolandyryş edaralarynyň, dolandyryş binalarynyň we edaralarynyň binalary we toplumlary
---senagat we ammar üçin niýetlenen binalar.
Netijede, barlanan obýekt üçin ýangyn töwekgelçiligini hasaplamak bilen bilermenleriň pikiri düzülýär
Kompaniýamyz tarapyndan geçirilýän desgalaryň ýangyn barlagy aşakdaky çärelerden ybarat:
1. Ýangyn howpsuzlygy babatynda resminamalary barlamak
2. Ewakuasiýa ýollaryny barlamak
3. Desganyň saklanyşygynda ýangyn düzgünlerine laýyklygyny barlamak
4. Desgada belgileri, stendleri, meýilnamalary hasaplamak
5. Esasy ýangyn söndüriji serişdeleri we ýangyn howpsuzlygyny hasaplamak
6. Zerur bolan ýangyn howpsuzlyk ulgamlaryny kesgitlemek (duýduryş enjamlary we başgalar)
7. Hünärmen konsultasiýasy
Işiň netijelerine esaslanyp, barlag hasabaty düzülýär.
Ýangyn howpsuzlygynyň barlagy we ýangyn töwekgelçiligine garaşsyz baha bermek bilen baglanyşykly soraglar boýunça +993 12 51 39 27 telefon belgä jaň edip ýa-da Aşgabat ş., 1953-nji köç., 60-njy jaýy salgydaky ofisimize gelip hünärmenimize ýüz tutup bilersiňiz.
"Şöhratly Täjir" HK desganyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup amala aşyrylýan ewakuasiýa meýilnamalaryny düzmekligi we çap etmekligi hödürleýär. Shematiki şekil jikme-jik bolmaly we gyssagly çykyşlaryň, telefonlaryň, ýangyn söndürijileriň, elektrik şitleriň, ýangyn gidrantlarynyň we duýduryş enjamlarynyň ýerleşýän ýerlerini öz içine almalydyr.
Ewakuasiýa meýilnamasy – bu gyssagly ýagdaýda binadan çykmak üçin çykalgalaryň we ýollaryň shematiki şekilidir. Bu bir gözegçilik edaralarynyň boş islegi däl, bu adatdan daşary ýagdaýlarda pidalaryň öňüni almak ýa-da azaltmak we has netijeli hereket etmek üçin zerur bolan maglumatdyr.
Her nämede bolsa binalaryň käbir uly bolmadyk topary ýangyn dörän halatynda ewakuasiýa meýilnamasyny tabşyrmak borjundan boşadylýar we olaryň hemmesi kanunda görkezilendir. Kadadan çykmalaryň sany, shemanyň bolmagy talap edilýän obýektleriň sany bilen deňeşdirilende görnetin azdyr.
Möhüm! 10 ýa-da has köp adamyň işlemegi üçin şert döredilen bolsa ýa-da degişli desga adamlaryň köpçülikleýin ýygnanyşýan ýeri bolsa, ewakuasiýa meýilnamasyny sargyt etmeli we satyn almak hökmandyr.
Ewakuasiýa meýilnamalarynyň işlenip düzülmegi, käbir başlangyç maglumatlaryň bolmagyny talap edýär:
1. Guramanyň ady, obýektiň salgysy, wezipeli we jogapkär adamyň F.A.Aa.
2. Esasy we gyssagly çykyş ýerlerini görkezýän desga meýilnamasy
3. Ýangyn howpsuzlygyna jaň eder ýaly telefonlary oturtmak
4. Ýangyn söndürijileriň ýerleşýän ýerleri
5. Ýangyn gidrantlary üçin ýerler
6. Ilkinji kömek enjamlary üçin ýerler
7. Duýduryş dolandyryş enjamlarynyň ýerleşýän ýeri
8. El bilen işledilýän ýangyn detektorlarynyň ýerleşýän ýerleri (ýangyn duýduryş düwmeleri)
9. Elektrik şitleriň ýerleşýän ýeri
10. Ewakuasiýa meýilnamasynyň ýerleşýän ýeri (ol taýýar bolanyndan soň asylar)
Wideo gözegçilik ulgamlary wideo kameralardan, ýazgy enjamlaryndan (wideo registrator) we monitorlardan ybaratdyr. Kamera daş-töweregi ýazgy edeninden soň, ýazgy enjamyna geçirilýär we monitorda görkezilýär.
Wideo gözegçilik ulgamynyň iki görnüşi bar – simli we simsiz. Birinjisini ýa-da ikinjisini saýlamak, goralýan obýektiň aýratynlyklaryna baglydyr. Wideo gözegçilik ulgamlary, şeýle hem, uzak aralykda wideo signalynyň görnüşine görä – sanly we analog görnüşlere bölünýär. Onuň birinjisi ikinjisinden has gowy, ýöne şol bir wagtyň özünde onuň bahasy hem 1,5-2 esse gymmatdyr. Ýöne, analog ulgamlaryň köp artykmaçlygyna garamazdan, IP-wideo gözegçilik ulgamlary has ygtybarly surat saklanyşy, şeýle hem ony görmek we gaýtadan işlemek aýratynlyklary üçin has ýörgünli hasaplanylýar.
IP-gözegçilik kameralary bir korpusda birleşdirilen kompýuter we wideo kamera bolup, wideo akymy hakyky wagtda berilýär. IP-wideo kameralar – bu Wi-Fi arkaly onlaýn gözegçiligi.
Desganyň toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi, keseki adamlaryň goralýan ýere girmeginiň öňüni alýan girişe gözegçilik we dolandyryş ulgamlarydyr (GGDU). Şeýle hem, turniketleriň, kod girizijileriň, kontaktsyz kartalarynyň, turniketlerden geçirmegiň we ş.m. kömegi bilen işgärleriň iş wagtyna gözegçilik edip bolýar. Giriş dolandyryş ulgamlarynyň kömegi bilen goralýan ýere duýduryş ulgamyny gurnap we islendik amatly wagtda ony öçürip bolýar. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda, ulgam hökmany şekilde duýduryş berýär we onda bolup geçýän ähli wakalar ýazga alynýar we arhiwde saklanylýar. Dolandyryş ulgamyna gözegçilik edýän işgär, duýduryş ulgamyny işledip ýa-da öçürip gapylary islendik wagtda açyp ýa-da ýapyp biler.
GGDU işgärlere baýramçylyk ýa-da dynç alyş günlerinde, şeýle hem iş wagty gutarandan soň obýektiň içine girmeklige rugsat bermeýär. Goralýan meýdana doly gözegçilik wideo gözegçilik we giriş barlagy ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde mümkindir, bu bolsa adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda bu meseläniň ygtybarly we çalt çözülmegini üpjün eder (gyssagly kömek hyzmatlaryny çagyrmak, işgärleri ewakuasiýa etmek, düzgün bozujylary anyklamak we tapmak, we ş.m.).
“Şöhratly Täjir” bilen elmydama wideo gözegçilik we dolandyryş ulgamyny iň gysga wagtda gurnap bilersiňiz. Hünärmenlerimiz bu ulgamlaryň proektini taýýarlamaga, iň amatly enjamlary saýlamaga we gurnamaga taýyndyr.
Ähli gyzyklanýan soraglaryňyz boýunça +993 12 51 39 27. telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.
"Şöhratly Täjir" HK daşarky ýangyn merdiwanlarynyň, aralyklaryň we meýdançalaryň, üçek diwarlarynyň synaglaryny geçýär. Binany dolandyrýan we onuň howpsuzlygy boýunça jogapkär edaralar, bu işleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini gurnamaga borçlydyrlar.
Mümkin bolup biljek zeperleri ýa-da kadalara gabat gelmeýän näsazlyklary anyklamak üçin ýangyn merdiwanlarynyň we üçek germewleriniň synaglaryny azyndan bäş ýylda bir gezek geçirip durmaly.
Ýangyn merdiwanlarynyň synaglary ähli görnüşli binalar we desgalar üçin, esasanam önümçilik we senagat maksatly desgalara möhümdir.
Daşarky ýangyn merdiwanlarynyň barlagy, köplenç ýüze çykýan şu aşakdaky bozulmalary ýüze çykarmaga ýardam berer:
--- kebşirlenen ýerlerdäki jaýryklaryň we poslamalaryň ýüze çykmagy
--- ülňülere laýyk gelmeýän basgançaklaryň we diwarlaryň ölçegleri
--- deformirlenen basgançaklaryň ýa-da konstruksiýanyň beýleki elementleri
--- merdiwan pürsleriniň diwara berkidilýän nokadyndaky baglanyşygyň berkliginiň bozulmagy
--- üçek germewleriniň ýangyn synaglary kadalara gabat gelýän agramy göterip bilmeýän üçegiň perimetrini ýa-da balkon elementlerini ýüze çykaryp biler
"Şöhratly Täjir" HK stasionar ýangyn merdiwanlarynyň, üçek germewleriniň we balkon germewleriniň operatiw synaglaryny geçirmek üçin zerur enjamlara eýedir. Sebäbi synag üçin esasy kadalaşdyryjy talap, barlanan enjamyň bolmagydyr – dinamometrler. Kompaniýamyzyň inženerleri binada ýerleşýän ofislerde iş tertibini bozman utgaşykly we takyk işleýärler.
Ýangyn merdiwanlarynyň synaglary şu aşakdaky ýaly usullar bilen amala aşyrylýar:
--- wizual gözden geçirmek: üçek germewleriniň, ähli görnüşli merdiwanlaryň, merdiwan we balkon araçäkleriň synaglaryny öz içine alýar
--- ýangyn howpsuzlygy ülňülerine laýyk gelýändigini anyklamak üçin obýektleriň ýerleşişini we gurluşlaryny öwrenmek
--- derňew obýektleriniň dürli elementlerine stasionar ýükleriň ulanylmagy: üçegiň germewini synagdan geçirmegiň möhüm tapgyrlaryndan biridir; bu ýagdaýda işiň bahasy, beýleki zatlar bilen bir hatarda, binanyň gatlarynyň sanyna ýa-da diwarlaryň uzynlygyna baglydyr
"Şöhratly Täjir" HK gurluşyk desgalaryň konstruksiýalarynyň we materiallaryň, şeýle hem matalaryň ýangyna garşy örtme taslamalaryny durmuşa geçirýär.
Biz gurluşyk gidip duran obýektlerdede, ulanyşdaky binalardada ýangyna garşy örtük işlerini üpjün edýäris. Binalaryň we desgalaryň ýangyn howpsuzlygy, ýangynyň ýaýramagynyň öňüni alýan siňdirme, lak we boýag bilen amala aşyrylýar.
Agaç – jaýlaryň, binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin ulanylýan iň meşhur gurluşyk materialydyr. Onuň diýseň köp artykmaçlyklary bar, ýöne käbir kemçiliklere hem eýedir – tiz otlanýar we ýanýar. Metal hem, oduň ýokary temperatura täsirine sezewar bolanda gurluş aýratynlyklaryny ýitirýär.
Şol sebäpli ähli binalaryň we desgalaryň umumy howpsuzlygy nukdaýnazaryndan agaç we metal gurluşlary ýangyna garşy örtük çalmak işleri ilkinji nobatdaky möhüm ähmiýete eýedir. Biziň ulanýan örtüklerimiz we formulalarymyz dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan öndürilip oduň ýaýramagyna garşy örän ýokary täsirlige eýedir.
Obýektleriň ýangyndan goralmagy birnäçe möhüm meseleleri çözüp biler:
---ýangyn zerarly agaç we metal gurluşly desgalaryň doly ýok edilmeginiň öňüni almak ukyby netijesinde ot we ýangyn zerarly ýetirilen zyýanyň ep-esli azaldylmagy
---ýangyna garşy örtük bilen gurluşyk örtüklerini gaýtadan işlemek, adam ýitgilerini azaldar ýa-da olaryň doly öňüni alar, şeýle hem işgärleriň zäherlenme derejesini peselder
---konstruksiýalary ýangyna garşy örtük bilen işläp taýýarlamak, ýangynyň ýaýramagynyň derejesini peselder, ýangynyň golaýdaky obýektlere ýaýramagynyň öňüni alar, onuň çalt söndürilmegine mümkinçilik berer
---ýangyna garşy örtük desgalary güýçlendirer we hatda ýangynyň güýçli täsiri astyndada uzak wagtyň dowamynda üstüne düşýän ýükleri göterer we netijede işgärlere hiç hili kynçylyksyz binadan çykmaga mümkinçilik berer
Eger-de gürrüň agaç desgalary barada gidýän bolsa, örtük işleri üçin ulanylýan materiallara baglylykda azyndan 3-5 ýyldan bir gezek ýerine ýetirilmelidir. Soňky ýyllarda 15 ýyla çenli ýangyndan goraýan formulalar hem peýda boldy.Ýangyna garşy örtük işlerinden geçen materiallary, öndürijiler tarapyndan kesgitlenen möhlet dolanyndan soň gaýtadan örtük işleri geçirilmeli.
Ýangyna garşy goragy ýörite howasyz spreý ulanmak arkaly geçirmek maslahat berilýär. Bu iş Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň degişli ygtyýarnamasy bolan guramalaryň işgärleri tarapyndan amala aşyrylmalydyr, sebäbi işiň netijelerine esaslanyp, delilnama düzülýär.Bu ygtyýarnama bizde bar!
Şöhratly Täjiriň ýangyna garşy örtük işleriniň artykmaçlyklary:
--- işimizde ýokary hilli ýangyn goraýjylary ulanýarys
--- olar üçin ähli zerur resminamalarymyz bar (kepillik möhletleri, hil şahadatnamalary, dürli ýangyn klasslary üçin düzüm täsirliligi bilen baglanyşykly ähli zerur maglumatlar)
--- sargytlara çalt jogap berýäris we dessine işe başlaýarys
--- desgalaryň ýangyna garşy örtük işleri üçin amatly bahalar
Siz bir kärhananyň dolandyryjysy ýa-da hususy jaýyň eýesimi, ýangyna garşy bejergini sargyt ediň we emlägiňizi ýangynyň ýetirip biljek zyýanlaryndan goraň.
Şeýle hem "Şöhratly Täjir" HK-ň katalogynda ýangyndan goramak we ýangyn howpsuzlygy üçin önümleriň giň seçimi bar. Biz bilen habarlaşyň!
Ýangyna garşy türgenleşikler obýektleriň, binalaryň, desgalaryň we kärhanalaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur şertdir.
Ýangyn söndüriş türgenleşiklerini geçirmegiň tertibi, olaryň maksatnamalary we jogapkär adamlar - bularyň hemmesi guramanyň içerki resminamalary, degişli buýruklar, programmalar we görkezmeler bilen düzgünleşdirilýär.
Biz desgalaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda Türkmenistanyň hemme ýerindäki guramalara işgärler üçin ýangyn tälimini bermek ýaly giňişleýin hyzmatlary hödürleýäris.
Ýangyn ýüze çykan halatynda, öz işgärlerini sowatly we utgaşdyrylan hereketlerde taýýarlap, kärhanalaryň ýolbaşçylary ýangyn howpunyň ýetirip biljek ýokary zyýanlaryndan ätiýaçlanýarlar.
Hünärmenlerimiz, ylalaşylan wagtda degişli desga tarap ugraýarlar we takmynan 3,5 sagat dowam edýän üç tapgyrdan ybarat bolan türgenleşik işlerini geçirýärler.
Ýangyna garşy türgenleşik maksatnamasy - gysgaça düşündiriş:
1. Desganyň içinde nazary sapak. Multimedia enjamlarynyň kömegi bilen diňleýjilere ýangynyň nämedigini, ýangynyň nämä sebäp bolup biljekdigini we onuň öňüni almak üçin näme etmelidigini görkezýäris we düşündirýäris. Ýangyn howpsuzlygy talaplarynyň adaty bozulmalarynyň suratlaryny, şeýle hem dürli ýangynlardan wideo şekilleri görkezýäris
2. Daşarda amaly sapak. Işgärler ýangyny söndürmäge gatnaşýarlar, esasy ýangyn söndüriji enjamlary nähili ulanmalydygyny öwrenýärler we ýangyn söndürijileri ulanmagy öwrenýärler, şeýle hem içerki ýangyn söndüriş suw üpjünçiligi bilen tanyşýarlar we şlang liniýasyny aýlamagy we dogry şekilde suw bermegi öwrenýärler
3. Desganyň içinde amaly sapak
Ýörite robot-manekeniň kömegi bilen işgärler, ýangyndan ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwrenýärler we ejir çekene reanimasiýa etmek emellerini özleşdirýärler.
--- adam faktorynyň ýangyny döretmek ähtimallygyny azaltmak. Ýangyn döremesiniň iň köp sebäpleri, adamlaryň ýalňyşlyklary we biperwaýlygydyr
--- ýangyn dörän ýagdaýynda saglyga uly zyýan ýetirmek ähtimallygyny peseldýär. Ýangyn pidalarynyň köpüsiniň öňüni alyp bolardy eger-de, adamlaryň hereketleri aljyraňly bolmasa we utgaşykly hereket edilse
--- kärhananyň serişdeleriniň we resurslarynyň tygşytlanmagy. Bu ugurda köp sanly administratiw düzgün bozulmalar, ulgamlaýyn häsiýetiň bozulmalarynyň netijesidir. Bu bolsa işgärleriň aglaba köplüginiň howpsuzlyk düzgünleriniň esaslaryndan habarsyzdygynyň netijesidir
Kärhanamyzyň işgärlerinde ýöriteleşdirilen ýokary okuw bilimi bar we kärhanalaryň işgärleri üçin ýangyn howpsuzlygy boýunça yzygiderli okuwlary geçirýärler. Biz ýeterlik tejribe topladyk we siziň bilen paýlaşmaga şat bolarys
Bu ýerde belli bir desganyň ulanyş maksadyna baglylykda, ýangyna garşy ulgamy düzmek üçin, desgalara ýangyn howpsuzlygy boýunça gerekli bolan zerur resminamalaryň sanawy görkezilen
Ýangyn howpsuzlygy boýunça resminamalaryň sanawy:
1. Buýruklar:
---desgada ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär adamy bellemek barada
---ýangyn howpsuzlygy boýunça görkezmeleri geçirmegiň tertibi barada
---ilkinji nobatdaky ýangyn söndüriji enjamlara jogapkär adamy bellemek barada
---ýangyn howply işleri ýerine ýetirmek üçin jogapkär adamy bellemek barada
---elektrik enjamlaryna jogapkär adamy bellemek barada
---çilim çekilýän ýerleri kesgitlemek we enjamlaşdyrmak barada
---elektrik enjamlaryny tok üpjünçiliginden kesmek tertibi barada
---desgalary barlamagyň we ýapmagyň tertibi barada
---ýangyjy galyndylaryny we tozany arassalamagyň tertibi barada
2.Görkezmeler:
---desgadaky ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri baradaky görkezmesi
---desganyň ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär adam üçin görkezme
--- ýangyn söndürijiler üçin tehniki hyzmatyň görkezmesi
---ýangyn söndüriş suw üpjünçiligi boýunça görkezme
3. Işgärler üçin ýangyn howpsuzlygy çäreleri barada giriş, başlangyç we maksatlaýyn görkezmeler
4.Iş gününiň ahyrynda önümçilik we goşmaça jaýlary ýapmagyň tertibi
5. Ýyllyk ýangyna garşy çäreleriň meýilnamasy*
6. Žurnallar:
--- gözegçilik edaralary tarapyndan barlaglaryň hasabyny ýöretmek boýunça
---ýangyn söndürijileri hasaba almak boýunça (ýangyn söndürijileriň iş pasportlary bilen)
---ýangyn howpsuzlygy boýunça görkezmeleri hasaba almak
---ýapylmazdan ozal desganyň ýangyna garşy howpsuzlyk ýagdaýyny barlamak boýunça
--- ýangyn söndürijileriň tehniki hyzmaty boýunça
--- ilkinji nobatdaky ýangyn söndüriş enjamlaryny hasaba almak boýunça
---ýangyn kranlaryny hasaba almak boýunça
---ýangyn gidrantlarynyň, suw howdanlarynda diwar enjamlarynyň, ýangyn nasoslarynyň we şitlaryň barlagy boýunça
---gyssagly we ýangyn söndüriş türgenleşikleri hasaba almak boýunça.
7. Delilnamalar:
--- awtomatiki ýangyn söndüriji we ýangyn duýduryş ulgamlaryny barlamak
---ýangyn gidrantlarynyň suw goýberiş synaglary
--- ýangyna garşy örtükleriň ýagdaýyny we işjeň şertlerini barlamak
---awtomatiki ýangyn söndüriji gurnama turbalarynyň gidrawliki synaglary
8. Protokollar:
--- içerki ýangyn söndüriş suw üpjünçiliginiň synaglary
---desgada merdiwanlaryň we üçekdäki germewleriň synagy
Ýangyn howpsuzlygy boýunça zerur resminamalaryň toplumy desgada ýangyn düzgünini döretmek we goldamak üçin işlenip düzülýär (niýetleniş maksadyna baglylykda).
* ýerine ýetirilýän resminamalar bukjasyna girmeýär.